ölçeg::
A A A
Reňk: C C C
Görkezmek açmak aýyrmak
Adaty wariant saýt

Täzelikler

11 Maý, 2020 / Türkmenistan
Harasat: Telekeçileriň dikeldişe berjek ýardamlaryny diňe döwlet edaralary arkaly ibermek talap edilýär

Harasat: Telekeçileriň dikeldişe berjek ýardamlaryny diňe döwlet edaralary arkaly ibermek talap edilýär

Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde turan harasatdan soňky dikeldiş işleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna döwletiň adyndan ejir çekenlere ýardam bermek soralýar, ýöne beriljek ýardamlar diňe döwlet edaralarynyň üsti bilen iberiler. Türkmenabatda ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň hem-de orta hünärmen mekdepleriniň talyplary harasatyň yzda galdyran weýrançylygyny arassalamak işlerine çekilýär.
05 Maý, 2020 / Türkmenistan
Lebapdaky harasat: Ýene ýagyn geldi, azyk gytçylygy ýitileşdi, häkimiýetler ‘hemaýat bermeýär’

Lebapdaky harasat: Ýene ýagyn geldi, azyk gytçylygy ýitileşdi, häkimiýetler ‘hemaýat bermeýär’

Türkmenistanyň gündogar sebitlerine ýene güýçli ýagyn geldi. Lebap we Mary welaýatlarynda bolan weýrançylykly harasatdan bäri bir hepde wagt geçse-de, türkmen resmileri we mediasy apy-tupanyň netijeleri we ondan ejir çeken adamlar barada dymmagyny dowam etdirýärler. Türkmen häkimiýetleri weýrançylykly tupanyň netijeleri bilen göreşmek boýunça-da ilata hemaýat bermeýärler. Munuň deregine, howpsuzlyk güýçleri ejir çeken adamlary, hamana, “şikaýatlarynyň ýokdugy” barada arza ýazmaga mejbur edýärler. Tebigy harasatyň netijesinde, Lebap welaýatynda azyk gytçylygy has-da güýçlenip, bahalar hem ýokarlandy. Türkmen häkimiýetleriniň çäre görmezligi ilatyň arasynda nägileligiň artmagyna sebäp bolýandygy bellenilýär.
05 Mart, 2020 / Türkmenistan
Aşgabadyň garrylar öýüniň işgärlerinden welosiped üçin pul alynýar

Aşgabadyň garrylar öýüniň işgärlerinden welosiped üçin pul alynýar

Aşgabadyň döwlet edaralarynyň işgärlerinden dürli maksatlar üçin pul ýygnalmagy dowam etdirilýär. Şol sanda welosipedleri satyn almak üçin pul alynýar. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, paýtagtyň garrylar öýüniň işgärlerinden 200 manat möçberinde pul alynypdyr we bu puluň welosiped, şlangalary we binanyň berilmegi üçin sarp ediljegi düşündirilipdir.
02 Dekabr, 2019 / Türkmenistan
 Jemleýji  resminama - Merkezi Aziýada zähmet hukuklary boýunça   Halkara monitoring missiýasynyň   Üçünji utgaşdyryjy duşuşygy  Bişkek, 14-16 noýabr 2019 ýyl

Jemleýji resminama - Merkezi Aziýada zähmet hukuklary boýunça Halkara monitoring missiýasynyň Üçünji utgaşdyryjy duşuşygy Bişkek, 14-16 noýabr 2019 ýyl

Awtoritarizmiň aňry ýany bilen  özuni häsiýetlendirýän, daşarky dünýäden özüniň ýapyklygy we ýurduň içerki durmuşyna doly gözegçiligi bilen tapawutlanýan  Türkmenistandaky  syýasy režim  garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň, hukuk goraýjy guramalaryň we köpçülikleýin habar serişdeleriň döremegine mümkinçilik berenok.  Hukuk goraýjy Gaspar Matalaýewiň azatlyga çykanyny gowy garşy alyp, onuň pagta ýygym döwründe  mejbury zähmetiň ulanylýandygy  baradaky faktlary şöhlelendireni üçin alan möhletini türmede doly geçirendigini nygtamagymyz  zerur. Şol bir wagtda-da, pagta hasylyny ýygnamakda  beýleki dürli pudaklardaky işgärleriň zähmetini mejbury ulanmaklygy  ýurt boýunça ýygy-ýygydan bolýan hadysalygyna galýar.