ölçeg::
A A A
Reňk: C C C
Görkezmek açmak aýyrmak
Adaty wariant saýt

Täzelikler

15 Dekabr, 2021 / Türkmenistan
Baýramalynyň polisiýasy merkezi bazara ýygnanan onlarça telekeçä we alyja jerime ýazdy

Baýramalynyň polisiýasy merkezi bazara ýygnanan onlarça telekeçä we alyja jerime ýazdy

15-nji dekabrda 100-den gowrak telekeçi we alyjy Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň merkezi bazarynyň öňüne ýygnandy. Polisiýa bazaryň açylmagyny umyt edip, bu ýere üýşen adamlaryň tas ählisine pul jerimesini ýazdy. Jerimäni töläp gaýtadan bazara üýşen telekeçileri resmi edaralaryň wekilleri köşeşdirmäge çalyşdy. Ýöne bazar gaýtadan açylmady.
15 Iýun, 2021 / Türkmenistan
Daşary ýurtda okuwyň gapdalyndan işlemäge mejbur galýan talyplar 'kemsitmelere sezewar bolýar'

Daşary ýurtda okuwyň gapdalyndan işlemäge mejbur galýan talyplar 'kemsitmelere sezewar bolýar'

Azatlyk Radiosynyň mundan öň beren maglumatlaryna görä, onlarça müň türkmenistanly student daşary ýurtda bilim alýar. Olaryň aglabasy öz hasabyna okaýar we stipendiýa almaýar.
Şol bir wagtyň özünde, olar soňky ýyllarda maddy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny, ene-atalarynyň bank kartlaryna geçirýän pullaryny çekmegiň ýa-da “Western Union” arkaly Türkmenistandan pul almagyň örän kyndygyny Azatlyk Radiosyna habar berýärler.
Hut şol sebäpli, studentler okuwynyň daşyndan ýa-da okuwyna wagtlaýynça arakesme berip, ujypsyz haka işlemäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.
10 Iýun, 2021 / Türkmenistan
Nah mataly kagyz işi. Halkara Zähmet Guramasy (HZG) Türkmenistanyň mejbury zähmeti gadagan etmek baradaky Konwensiýany berjaý edişine seretdi

Nah mataly kagyz işi. Halkara Zähmet Guramasy (HZG) Türkmenistanyň mejbury zähmeti gadagan etmek baradaky Konwensiýany berjaý edişine seretdi

8-nji iýunda Ženewada bolup geçen  Zähmetiň Halkara Konfederasiýasynyň 109-njy sessiýasynyň  çäklerinde Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmeti ulanmak problemasy ara alynyp maslahatlaşyldy.  Iş ýüzünde mejlisde çykyş edenleriň ýekeje-de biri hem türkmen býujetçileriň Işden kowulmak gorkusy astynda öz wezipe borçlaryna girmedik işleri ýerine ýetirmäge mejbur edilýändiklerine şübhe bildirmedi. Diňe hemişekisi ýaly ýurtda mejbury zähmetiň düýbünden ýoklygy barada şu çaka çenli hemmäni ynandyryp gelen Türkmenistanyň resmi wekilleriniň çykyşlary kadadan çykma ýaly boldy.
28 Maý, 2021 / Türkmenistan
Mejbury zähmeti ulanmakda özüne bildirilýän aýyplamalary Türkmenistan ret etdi

Mejbury zähmeti ulanmakda özüne bildirilýän aýyplamalary Türkmenistan ret etdi

Iýun aýynda  Halkara Zähmet Guramasy (HZG)  mejbury zähmetiň ýatyrylmasyny göz öňünde tutýan 105-nji Konwensiýanyň Türkmenistan tarapyndan  ýerine ýetirilişine sereder. Bu diňlenşigiň öň ýany Kärdeşler Arkalaşyklaryň Halkara Konfederasiýasy (KAHK) özünüň dokladyny taýarlady. Dokladda pagta ýygym döwründe mejbury zähmeti ulanmaklygyň ýurtdaky dowam edýän giň iş tejribesi barada  aýdylýar. Býujet ulgamyndaky işgärleri mejbur etmek sistemasy hut ýurduň häkimiýetleri tarapyndan guraldy diýip, bu dokladyň awtorlary  belleýärler.
17 Aprel, 2021 / Türkmenistan
Türkmenistanda ýene bir iri nebit kärhanasy işgär sanyny kemeldýär

Türkmenistanda ýene bir iri nebit kärhanasy işgär sanyny kemeldýär

Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody işgär sanyny 30 göterim töweregi kemeldýär. "Türkmendemirýollary" agentliginiň demir ýol ýük gatnawlarynyň hususylaşdyrylmagyna garaşylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri türkmen ykdysadyýetindäki sarsgyn alamatlary barada habarlary ýetirmäge dowam etdirýärler. Habarçynyň maglumatlaryna görä, gündogar Türkmenistanda ýerleşýän nebit kärhanasy galan işgärleriniň aýlyk haklaryny Türkmenistanda öndürilen egin-eşik we nebit önümleri bilen tölemegi meýilleşdirýär.
13 Aprel, 2021 / Türkmenistan
Häkimiýetler çörek öndürýän kiçi telekeçileriň işini togtadýar

Häkimiýetler çörek öndürýän kiçi telekeçileriň işini togtadýar

Türkmenistanda ilatyň un we çörek üpjünçiligi bilen bagly problemalary dowam edýän wagty, Lebapda we Aşgabatda häkimiýetler çörek önümçiligi bilen meşgullanýan kiçi telekeçileriň işini togtadýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy aprelde Lebabyň administratiw merkezi Türkmenabatda we Çärjew hem-de Farap etraplarynda çörek önümçiligi bilen meşgullanýan telekeçileriň işiniň polisiýa tarapyndan togtadylandygyny habar berýär.
24 Mart, 2021 / Türkmenistan
Türkmenistan: netijeligi bolmadyk pagta önümçilik ulgamynda adam zähmetini mejbury ulanylşy.

Türkmenistan: netijeligi bolmadyk pagta önümçilik ulgamynda adam zähmetini mejbury ulanylşy.

Amsterdam/Wena, 23-nji mart 2021-nji ýyl– Iki hökümete degişli bolmadyk türkmen  guramasy, Türkmen.news neşiri we Adam hukuklary boýunça  “Türkmen inisiatiwasy”, özleriniň bilelikde taýarlan “Türkmenistanda 2020-nji ýylyň pagta ýygym möwsüminde mejbury zähmetiň ulanylmagy bilen bagly ýagdaýa syn” atly hasabatyny bu gün çap etdiler.  Ýurduň bäş sebitiniň dördüsinde, ýagny Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda  bu guramalaryň işgärleri tarapyndan geçirilen monitoringiň dowamynda toplanan maglumatlar bu hasabatyň esasyny düzdi.
12 Ýanwar, 2021 / Türkmenistan
'Gülkamaryň kyssasy', ýa-da daşary ýurtlarda bilim alan ýaşlar işsizlikden kösenýär

'Gülkamaryň kyssasy', ýa-da daşary ýurtlarda bilim alan ýaşlar işsizlikden kösenýär

Onuň sözlerine görä, soňky bäş ýylda daşary döwletleriň ýokary okuw jaýlaryny tamamlap, ýurda dolanan ýüzlerçe darganataly we faraply ýaşlar häzirki wagtda ýa işsizlikden kösenýär, ýa-da agyr işlerde zähmet çekip, gün-güzeran aýlaýar. “Ýa-da ‘taksiçilik’ edýärler” diýip, bir ýaşaýjy habarçynyň sözlerini tassyklady.
23 Dekabr, 2020 / Türkmenistan

Lebapda 1500-e golaý işgäre 'krizis sebäpli' üç aý bäri aýlyk berilmeýär

Lebap welaýatynda döwlete degişli ençeme kärhananyň işgärlerine "ykdysady krizis, maliýe ýetmezçiligi sebäpli" indi üç aý bäri zähmet haklary berilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji dekabrda Lebapdan habar berdi. Işgärleriň onlarçasy bilen söhbetdeş bolan habarçynyň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda Lebabyň zawod-fabrikleriniň ençemesinde işleýän 1500-e golaý işgär zähmet haklarynyň öz wagtynda tölenmegi bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýär.
05 Dekabr, 2020 / Türkmenistan
Býujet işgärlerinden “tebigaty goramak üçin” pul ýygnalýar

Býujet işgärlerinden “tebigaty goramak üçin” pul ýygnalýar

Mary welaýatynyň döwlet edara-kärhanalary öz işgärlerinden “tebigaty goramak üçin” 20 manatdan pul ýygnaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji dekabrda habar berdi.