ölçeg::
A A A
Reňk: C C C
Görkezmek açmak aýyrmak
Adaty wariant saýt
02.12.2019 / Türkmenistan

Jemleýji resminama - Merkezi Aziýada zähmet hukuklary boýunça Halkara monitoring missiýasynyň Üçünji utgaşdyryjy duşuşygy Bişkek, 14-16 noýabr 2019 ýyl

 Jemleýji  resminama - Merkezi Aziýada zähmet hukuklary boýunça   Halkara monitoring missiýasynyň   Üçünji utgaşdyryjy duşuşygy  Bişkek, 14-16 noýabr 2019 ýyl

Demokratiýa, sosial adalatlylyk we parahatçylyk:

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň perspektiwasy

Merkezi Aziýada zähmet hukuklary boýunça Halkara monitoring missiýasynyň 2019-njy ýylyň 14-16 noýabrynda Bişkekdäki (Gyrgyzystan) Üçünji utgaşdyryjy duşuşygyna gatnaşyjylary, Belarusyň, Germaniýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Ukrainanyň garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň we hukuk goraýjy guramalarynyň wekilleri, 2019-njy ýylyň dowamynda bolup geçen wakalar barada pikir we maglumat alyşyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynda adam hukuklary hakyndaky Ählumumy Deklarasiýasynda we Halkara Zähmet Guramasynyň esaslandyryjy Konwensiýalarynda bellenen zähmetkeşleriň hukuklaryny berjaý etmek ugry boýunça ýagdaýyň agyrdygyny, sebitde mejbury we çaga zähmetiniň, kemsitmeleriň, hususan-da aýallara we zähmet migrantlara garşy diskriminasiýanyň, garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň işine we olaryň zähmetkeşleriň hukuklaryny goramak ugry boýunça edýän hereketlerine çäklendirmeleriň giňden ýaýrandygyny belleýärler.

Gazagystanda garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň aktiwistlerine garşy repressiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kanunçylykda öz beýanyny tapýan çäklendirmeleriň, olaryň içki işlerine döwlet organlarynyň goşulmagynyň, kärdeşler arkalaşygy guramasynyň liderlerini we aktiwistlerini administratiw we jenaýat yzarlamalaryň, garaşsyz kärdeşler arkalaşyklaryny ýok etmek tolkuny dowam edýär. “Kärdeşler arkalaşyklary hakyndaky” kanuna düzedişleri girizmek baradaky HZG-nyň maslahatlary ýerine ýetirilmedi, oňa goşulan düzedişler kosmetiki häsiýete eýe bolup, olar bu kanunyň we hukuk ulanmak tejribesiniň esasynda Gazagystanda emele gelen zähmet gatnaşyklarynyň repressiw we çäklendiriji modelini üýtgedip bilenok. Zähmet gatnaşyklarynyň şeýle modelini goldamakda hökümete bagly kärdeşler arkalaşyklara aýratyn orun degişli boldy.

2019-njy ýylyň uýulynda Gazagystanyň ýangyç-energetika toplumynda işleýän işgärleriniň garaşsyz kärdeşler arkalaşygy guramasynyň lideri Ýerlan Baltabaý syýasy bahanaly iş boýunça 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Raýdaşlygyň halkara kampaniýasynyň netijesinde şu ýylyň awgustynda Ýerlan Baltabaý, prezidentiň günä geçmek namasyndan soň, azat edildi. Emma oktýabr aýynda ol bäş aýlyk möhletine azatlykdan mahrum edýän täze hökümi alyp, ýaňadan tussag edildi. Bu waka halkara jemgyýetçiligi tarapyndan köp sanly protestleri döretdi.

Howsalaly ýagdaý Gyrgyzystanda emele gelýär. Giň jemgyýetçilik kampaniýasyna, ýurduň kärdeşler arkalaşyklarynyň, zähmetkeşleriň we hukuk goraýjylaryň protestlerine garamazdan, parlament iki okalyşdan soň, sesleriň köplügi bilen “Kärdeşler arkalaşyklary hakyndaky” kanuny goldady. Kanunyň bu taslamasy ýurduň kärdeşler arkalaşygy giňişligini monopolizirlemäge şert döredýär, işgärleriň birleşmeklerine bolan hukugyny we kärdeşler arkalaşygyň hereket mümkinçiliklerini çynlakaý çäklendirýär, döwlet guramalarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň işine gatyşmaga şert döredýär. Kanun taslamasy işçilere we kärdeşler arkalaşyklaryna garşy häsiýete eýe, ol zähmet baradaky esasy halkara kadalara garşy gelýär.

Täjigistanda kärdeşler arkalaşyklarynyň, döwlet organlaryndan we iş berijilerden garaşsyz, zähmetkeşleri erkin birleşdirip, olaryň bähbitlerine erkin wekilçilik edip we olary gorap biljek gurama hökmünde, alyp barýan işindäki aktiwligiň ýeterlikli bolmandygy bellenýär. Ýurtdaky kanunçylyk we hukuk ulanmak tejribesi bilen bagly problemalaryň sanawyna kärdeşler arkalaşyklaryny we kommersiýa bolmadyk guramalaryny bellige almak tertibiň juda çylşyrymlaşdyrylandygyny, köpçülikleýin çäreleri geçirmek düzgüniň çäklendirilendigini goşmak bolar.

Awtoritarizmiň aňry ýany bilen özuni häsiýetlendirýän, daşarky dünýäden özüniň ýapyklygy we ýurduň içerki durmuşyna doly gözegçiligi bilen tapawutlanýan Türkmenistandaky syýasy režim garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň, hukuk goraýjy guramalaryň we köpçülikleýin habar serişdeleriň döremegine mümkinçilik berenok. Hukuk goraýjy Gaspar Matalaýewiň azatlyga çykanyny gowy garşy alyp, onuň pagta ýygym döwründe mejbury zähmetiň ulanylýandygy baradaky faktlary şöhlelendireni üçin alan möhletini türmede doly geçirendigini nygtamagymyz zerur. Şol bir wagtda-da, pagta hasylyny ýygnamakda beýleki dürli pudaklardaky işgärleriň zähmetini mejbury ulanmaklygy ýurt boýunça ýygy-ýygydan bolýan hadysalygyna galýar.

Özbegistanyň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmeti ulanmakda az-kem položitel hereketleriň bolandygy bellenýär. Bu pudakda çaga zähmetini ulanmaklyk ulgamlaýyn gaýtalanýan hadysa hökmünde köki-damary bilen ýok edilýär. Emma çaga zähmeti, onuň esasy sebäbi   hökmünde köplenç oba ilatynyň garyplyk ýagdaýy bolýan oba hojalykda we beýleki pudaklarda öňküsi ýaly ulanylýar. Şeýle-de uly ýaşly adamlaryň zähmetini mejbury ulanmaklyk pagtaçylykda we pileçilikde, ýagny öndürülýän önüme döwlet buýurmasy bolan pudaklarda saklanyp galýar. “Jemgyýetçilik işi” diýilen bahana bilen işleri mugt ýerine ýetirtmek üçin, hökümet döwlet gullukçylaryny yzygiderli mejbur edýär. Şol bir wagtda-da, mejbury zähmet özüniň has hem gizlin görnüşlerine eýe bolup başlady, gullukçylary “pagta ýygymyna meýletin gatnaşýan” diýmäge we degişli ýere gol çekmäge mejbur edýärler. Ýurtda zähmetkeşleriň garaşsyz guramalarynyň bolmazlygy aýratyn bir problemalygynda galýar. Ýurtda hereket edýän kärdeşler arkalaşyklary döwletden garaşsyz däl, hökümete degişli bolmadyk guramalar bolsa bellige alynanda kynçylyklara sezewar bolup, hemişelik basyşyň astynda galýarlar.

Merkezi Aziýada zähmet hukuklary boýunça

Halkara monitoring missiýasynyň Üçünji utgaşdyryjy duşuşygyna gatnaşyjylar çagyryş bilen ýüzlenýärler:

— Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine we Hökümetine:

1. Yerlan Baltabaýy tussaglykdan gyssagly boşatmaly, şeýle hem Yerlan Baltabaýyň, Larisa Harkowanyň, Amina Ýeleusinowanyň, Nurbek Kuşakbaýewyň garşysyna alyp barylýan jenaýat yzarlamalary bes etmäge, olar babatdaky ähli hökümleri, olaryň kärdeşler arkalaşygy bilen bagly islerine ulanylan çäklendirmeler ýatyrylmaly.

2. Gazagystan Respublikasynyň garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň Konfederasiýasyny (GRGKAK-ny) we onuň pudaklaýyn düzümi bolup duran – ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygyny, “Adalat” atly sosial we öýünde işleýän işgärleriniň kärdeşler arkalaşygyny, saglygy saklaýyş we sosial ösüş ulgamlarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygyny - ýok etmek baradaky kararlar ýatyrylmaly.

3. Roza Tulemaýewanyň, Maksat Dosmagambetowyň (ölüminden soň) we 2011-nji ýylda Janaözendäki parahatçylykly iş taşlaýyşyň beýleki aktiwistleriniň işlerine gaýtadan seretmeli we olary doly aklamaly.

4. Janaözen işi boýunça derňew astyna düşenleriň garşysyna ulanylan gynamalar baradaky gelip gowuşan şikaýatlaryň ählisiniň düýpli barlagyny geçirmeli, bu gynamalary edenleri, ýaragy ulanmak baradaky buýrugy berenleri we Janaözendäki parahat raýatlary oka tutmaga gatnaşanlaryň hemmesine jezasyny bermeli.

5. Işçi aktiwist, işsizleriň hereketi atly birleşigiň döredijisi, özüniň amala aşyrýan jemgyýetçilik işleri üçin tussag astyna alynan Ýeržan Ýelşimbaýewiň garşysyna gozgalan jenaýat işine gaýtadan adalatly we bitarap garaýyşly seretmeli.

6. HZG-nyň “Kärdeşler arkalaşyklary hakyndaky” kanuna üýtgetmeleri girizmek bilen bagly beren tekliplerini ýerine ýetirmeli, zähmet gatnaşyklaryny düzleýji kanunçylyga doly bahaly we mazmunly düzedişleri girizmeli, garaşsyz kärdeşler arkalaşyklaryň açyk we erkin öz işini alyp barmak üçin şertleri döretmeli.

7. Söz we pikir azatlygy üçin, birleşikleri döretmäge we kärdeşler arkalaşyklarynyň işini gurnamaga bolan azatlygy üçin, parahatçylykly ýygnaklary geçirmäge bolan azatlygy üçin yzarlamalary göz öňünde tutýan jenaýat we administratiw kanunçylygy halkara standartlaryna laýyk getirmeli.

— Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini, Žogorky Geňeşini we Hökümetini:

1.Gyrgyzystanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Federasiýasynyň işine gatyşmak synanşyklaryň ählisi bes edilmeli, raýat jemgyýetine degişli guramalaryň, hususan-da, “Bir Dünýä” atly hukuk goraýjy hereketiniň öz işini alyp barmaklary üçin amatly şertleri döretmeli.

2. “Kärdeşler arkalaşyklary hakyndaky” kanuny yzyna gaýtarmaly, ýüz öwürmeli ýa-da onuň kabul edilmegine prezidentiň wetosyny ýapmaly.

— Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini we Hökümetini:   

1.Kärdeşler arkalaşyklaryny, jemgyýetçilik birleşikleri, kommersiýa bolmadyk guramalary hasaba almak tertibini has ýönekeý we logiki taýdan düşnükli etmeli, bir-birini gaýtalaýan we hasaba alyş prossesini çylşyrymlaşdyrýan kanunlary kabul etmekden ýüz öwürmeli. Şeýle birleşikleri bir regionyň derejesinde hasaba almak iş tejribesinden ýüz öwürmeli, çünki bu ýagdaý ol birleşikleriň öz işini sebitiň daşyna ýaýratmak mümkinçiliklerini çäklendirýär.

2. Köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegini kadalaşdyrýan kanunçylygy täzeden seretmeli, ony ýygnaklary geçirmäge bolan azatlygyny hukugyň halkara standartlaryna laýyk getirmeli, köpçülikleýin aksiýalary geçirmek tertibini ýeňilleşdirmeli.

3. HZG-nyň esaslandyryjy Konwensiýalaryndaky bar bolan, birleşmeleri döretmek azatlygyna degişli kadalary milli kanunçylygyna implementasiýa ediji mehanizmini işläp çykarmaly.

Türkmenistanyň Prezidentini:

Syýasy ulgamyň reformasyny geçirmeli, garaşsyz köpçülikleýin habar serişdelerine we hukuk goraýjy guramalara ýurduň içine erkin gelmeklerini üpjün etmeli, repressiýalara sezewar bolan raýat aktiwistlerini reabilitirlemeli.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini we Hökümetini:

1. Fermer hojalyklaryna ykdysady azatlyklaryny, hususan-da, ýerden peýdalanmagyny, ekip ýetişdirmeli oba hojalyk ekinleriň görnüşlerini özbaşdak kesgitlemegini, ýetişdirilen we öndürilen önümlere nyrh kesgitlemegini kepillendirmek maksady bilen, oba hojalyk pudagynda reformany geçirmeli.

2. Jemgyýetçilik birleşikleriň we kommersiýa bolmadyk guramalary bellige almak prossesiniň ýeňilleşdirilen usulyny girizmeli. Raýatlaryň kärdeşler arkalaşygy ýaly guramalary döretmäge we olara agza bolmak hukugyny üpjün etmeli.

3. Pagtaçylykdaky zähmet gatnaşyklarynyň monitoringini geçirmäge gatnaşan adamlaryň ählisine, hukuk goraýjy jemgyýetiniň wekilleri Ýelena Urlaýewa (kazyýet tarapyndan herekete ukypsyz diýip ykrar edildi), Dmitriý Tihonowa, Malohat Eşankulowa, Nafosat Ollaşukurowa, Mahmut Radjapowa, Dawlatnazar Ruzmetowa (öleninden soň) salynan administratiw käýinçleri we jenaýat jezalaryny aýyrmaly. Öňki döwürde öz ýurdyny terk etmäge mejbur bolan raýat aktiwistleriň ýurda dolanyp gelmeginiň azatlygyny we howpsuzlygyny kepillendirmeli.

4. Mejbury zähmeti ulanylýanlygy baradaky hemme habarlaryň garaşsyz we jikme-jik derňelmegini başlangyç etmeli. Halkara standartlara laýyklykda, raýatlary pagta ýygmaga, “jemgyýetçilik işlere” gatnaşmaga, öz tabynlygyndakylary beýlekileri şeýle zähmete çekmeklige mejbur edýän emeldarlaryň garşysyna adalatly kazyýet prosseslerini başlangyç etmeli. Günäsi subut edilenleri hukuk bozulmanyň agyrlygyna laýyklykda jogapkärçilige çekmeli.

Monitoring missiýasynyň Üçünji utgaşdyryjy duşuşygyna gatnaşyjylar, Merkezi Aziýa sebitinde zähmet hukuklary ugrunda emele gelen ýagdaýa seredip,

şu matlaplary bildirýärler:             

1) Merkezi Aziýadaky zähmetkeşleriň hal-ýagdaýy baradaky maglumatlary toplamak we umumylaşdyrmak, işçi aktiwistleri we kärdeşler arkalaşyklary goramak işini utgaşdyrmak, olaryň öz aralarynda tejribe alyşmagyna we bilelikde hereket etmegine ýardam bermek işini dowam etdirmeli;  

2) Işgärleriň demokratik zähmet gatnaşyklaryna we sosial-ykdysady prosseslere gatnaşmagyň bolup biljek ýeke-täk usuly hökmünde, kärdeşler arkalaşyklaryň hereketindäki garaşsyzlyk prinsipi goramaly;  

3) işgärleriň öz hususy guramalaryny, hususan-da, zähmet migrantlaryň we formal bolmadyk ykdysadyýetde işleýan aýallaryň guramalaryny döretmek başlangyçlaryna goldaw bermeli   

we çagyryş edýärler:

1) Merkezi Aziýadaky ähli ýurtlarynyň hökümetlerini – raýat jemgyýetiniň we garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda HZG-nyň esasy Konwensiýalaryny berjaý etmek baradaky öz üstüne alan borçlaryň ýerine ýetirilşine baha bermekligi geçirmeli;

2) BMG-ny we onuň düzüminde bar bolan guramalary — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetlerine goldaw bermeli we ratifikasiýa edilen Konwensiýalara laýyklykda, halkara kadalary we öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etmeklerini gazanmaly;

3) Ýewropa Bileleşigini we onuň ýurt-gatnaşyjylaryny — Merkezi Aziýa ýurtlary bilen, ol ýurtlarda zähmetkeşleriň hukuklarynyň berjaý edilişi baradaky maglumaty nazara alyp, halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda we inwestisiýalar ugurlary boýunça, ýola göýmaly;

4) kärdeşler arkalaşyklarynyň Halkara konfederasiýasyny (KAHK-ny), olaryň global federasiýalaryny we zähmet gatnaşyklaryna özüniň täsirini ýetirýän beýleki halkara guramalary — Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG-nyň) ýolbaşçylygynda Merkezi Aziýada birleşmäge bolan azatlyk boýunça halkara forumyň geçirmegine, zähmet hukuklary boýunça Monitoring missiýasyna we missiýa gatnaşýan guramalara kömek etmeli;

5) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hukuk goraýjy jemgyýetlerine — öz hukularyny we bähbitlerini kollektiwleýin goramak maksady bilen zähmetkeşleriň garaşsyz guramalaryny döretmekde ýardam bermeli, kärdeşler arkalaşyklarynyň repressiýa sezewar bolan aktiwistleriň goragyna çykyş etmeli, zähmet hukuklary boýunça (www.LabourCentralAsia.org) Monitoring missiýasynyň işine gatnaşmaly we halkara raýdaşlyk kampaniýalary geçirmekde oňa kömek bermeli.