ölçeg::
A A A
Reňk: C C C
Görkezmek açmak aýyrmak
Adaty wariant saýt
21.05.2020 / Türkmenistan

Lebapda MHM bugdaý garawullaýar

Lebapda MHM bugdaý garawullaýar
Ykdysady kynçylyklar agyr degen Türkmenistanda azyk üpjünçiliginiň howpsuzlygy milli howpsuzlyk meselesine öwrülýär. Welaýatlarda we Aşgabatda azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy ýabygorly galýan wagty, ýurduň kanun goraýjy edaralary, şol sanda Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň işgärlerinden hem-de harbylardan ybarat ýörite toparlar nobatdaky galla möwsüminde Lebap welaýatynda ösüp oturan bugdaýlary garawullamaga taýýarlyk görýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy gizlinlik şertlerinde ýurt içinden habar berýär.

Lebapda häkimiýetler öňümizdäki bugdaý möwsüminde bişen galla hasylynyň ogurlanmak ähtimallygyndan howatyr edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna ýerli howpsuzlyk synçylarynyň aýtmagyna görä, güýç edaralary ýurtda un problemalarynyň ýitileşýän wagty, ilatyň başdan geçirýän çörek ýetmezçiligini göz öňünde tutup, şertnamalaýyn borçnama esasynda ekilen, şol sebäpden döwletiň eýeçiliginde bolan bugdaý hasylyna ilkinji nobatda adaty raýatlaryň, ýerli halkyň hüjüm etmeginden ätiýaç edýär.

“[Bu aladalardan ugur alyp], Kerki we Hojambaz etraplarynda, Kerkiçide güýç edaralarynyň düzüminde bugdaý garawullamak üçin MHM, prokuratura, polisiýa we harbylardan ybarat ýörite topar döredilýär” diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, güýç edaralarynyň arasynda şeýle aladalaryň güýjemegine welaýatyň çäginde şu günler ösüp ýetişen gök-bakja hasyllarynyň barha köp ogurlanmagy esas döredýär.

“Häzir Kerki we Köýtendag etraplarynda kärendeçileriň ýetişen ýeralmalarynyň köpçülikleýin ogurlanmagy bu etraplardaky güýç gulluklaryny ynjalykdan gaçyrýar, halkyň bolsa iýmäge çöregi ýok” diýip, habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda döwlet gözegçiliginde amala aşyrylýan ekin dolanyşygyna laýyklykda, soňky ýyllarda döwlet tabşyrygy esasynda köpçülikleýin ekilýän bugdaý we gowaçadan başga, daýhanlaryň kärende ýerlerine ýeralmasy, şugundyr ýaly gök ekinleri ekmek tabşyrylýar.

“Günorta sebitde bugdaý orak döwri golaýlaýar. Adamlar indi bugdaýyň bişjek döwründe döwletiň bugdaý meýdanlaryna hüjüm etjekdiklerini gizlemeýärler” diýip, habarçymyz maglumat berdi.

Türkmenistanda, adatça, bugdaý hasylyny ýygnamaga iýun aýynda girişilýär.

Welaýatyň günorta sebitleri, şol sanda Köýtendag we Kerki etraplarynyň çäkleri, Owganystanyň Garkyn, Hamýap we Andhoý etraplary bilen araçäkleşýär.

Eýsem, türkmen güýç edaralarynyň Lebabyň günorta sebitlerinde bugdaý garawullamak aladalarynyň sebitdäki beýleki howpsuzlyk aladalary bilen baglydygyny ýa-da däldigini anyklamak başartmady.

Mundan ozalky ýyllaryň tejribelerinde-de türkmen howpsuzlyk edaralarynyň ýerlerde bugdaý hasyly ýetişende, onuň gözegçiligine hem-de ýetişen hasyly kärendeçileriň döwlete tabşyrmak işine polisiýa işgärlerini çeken pursatlary bolupdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy soňky maglumatynda sebitde gök-bakja ekinleri bilen bagly ogurlyk hadysalarynyň gerimini hem-de halk arasyndaky meýilleri anyklamakda howpsuzlyk edaralarynyň “ilat arasyndaky şugullarynyň hyzmatlaryndan peýdalanýandyklaryny” habar berdi.

Beýleki tarapdan, Lebabyň günorta sebitlerinde kärendeçi daýhanlar we mehanizatorlar başdan geçirýän kynçylyklary bilen ýekme-ýek galýarlar hem-de ýüzbe-ýüz galýan problemalaryna öz-özleri çykalga tapmaga mejbur bolýarlar.

“Günorta Lebapda daýhanlar üçin mineral dökün ýok” diýip, ikinji habarçymyz 18-nji maýda sebitden habar berdi.

“Mehanizatorlar traktorlar üçin tekerleri öz hasaplaryna satyn almaga mejbur edilýärler. Aýlyklary berilmeýär. Döwletiň tehnikasy üçin gapylaryndaky goýun-geçilerini satyp töleýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Lebap welaýatynyň häkimliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Illýustrasiýa suraty.

DEGIŞLI MAGLUMAT

Lebapda oba hojalyk tehnikalaryna ýangyç we ätiýaç şaýlary ýetmezçilik edýär, mineral dökünler gymmatlaýar

Azatlyk Radiosy