ölçeg::
A A A
Reňk: C C C
Görkezmek açmak aýyrmak
Adaty wariant saýt
22.09.2020 / Türkmenistan

Maryda adamlar arz etmegiň täze, köplük usulyny ‘özleşdirýär’, häkimlik ‘biraz’ diňleýär

Maryda adamlar arz etmegiň täze, köplük usulyny ‘özleşdirýär’, häkimlik ‘biraz’ diňleýär

Häkimlige arz-şikaýata barýan adamlaryň meseleleri dürli-dürli, ýöne köp adam “bankomatlardan pul çekip bilemizok, daşary ýurtlarda okaýan çagalarymyza pul iberip bilemizok” diýip, häkimiň bu problemalary basymrak çözmegini isleýär. Arza gelýän adamlaryň ikinji esasy meselesi işsizlik bilen bagly. 

Türkmenistanyň sebitlerindäki durmuş-ýaşaýyş problemalarynyň çözülmeginiň süýrenjeňlige çalynmagy, işsizlik, işleýän adamlaryň pullaryny nagtlaşdyryp bilmezligi adamlary barha kän lapykeç edýäne meňzeýär, olar üýşüp, öňkülerine garanda has guramaçylykly arz-şikaýat etmäge synanyşýarlar diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy habar berýär.

Bu maglumat Maryda we Aşgabatda kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň ilata edýän gözegçiliginiň birden aşa güýçlendirilmeginiň yz ýanyndan geldi.

“Şu günler adamlar welaýat häkimligine topar-topar bolup barýar. Olar öň häkimlige azlyk bolup, ýeke-ýekelikde baranlarynda, ýüzlerini alyp, yzlaryna kowýardylar” diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy 18-nji sentýabr güni giçlik habar berdi.

Onuň sözlerine görä, iki-ýeke bolup baranlarynda arzlarynyň diňlenmeýändigini gören adamlar indi üýşüp, topar-topar bolup barmaga başlady. Bu ýagdaý häkimligiň işgärlerini biraz oýlanmaga, adamlara has sylagly çemeleşmäge mejbur edne meňzeýär, indi häkimligiň Mollanepes köçesiniň ugrundaky baş gapysyna gelen adamlaryň arka tarapdaky derwezeden, Gurbansoltan eje köçesi tarapdan gelmegini soraýarlar diýip, habarçy aýtdy.

Aşgabatdaky ministrlikleriň köpüsinde baş gapydan däl-de, arka gapydan kabul etmek düzgüni bolsa-da, Mary häkimliginde ozal beýle düzgün ýokdy, indi adamlara häkimligiň baş gapysyndan kabul edilmeýändigini aýdýarlar diýip, bu maglumaty anonimlik şertinde gürleşen 45 ýaşly maryly diňleýjimi hem tassyk etdi.

Häkimlige arz-şikaýata barýan adamlaryň meseleleri dürli-dürli, ýöne köp adam “bankomatlardan pul çekip bilemizok, daşary ýurtlarda okaýan çagalarymyza pul iberip bilemizok” diýip, häkimiň bu problemalary basymrak çözmegini isleýär. Arz-şikaýata gelýän adamlaryň ikinji esasy meselesi işsizlik bilen bagly.

“Iş ýok, hojalygymyzda ýekeje adamam hökümetden aýlyk alanok. Gelnimizi ýa özümizi jemagat hojalygy edarasyna bolsa-da işe salsynlar, birimiz bir hökümetden aýlyk alsyn diýýärin” diýip, häkimlige arza gelen 60 ýaşlarynda aýal radionyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen 50 ýaşlaryndaky aýal bolsa, “kartdan töläp, çagalaryna eşik alyp bilmeýändigini, sowuk günleriň ýetip gelýändigini” aýdyp zeýrendi.

Dürli çeşmeleriň tassyklamagyna görä, adamlaryň arz etmäge topar-topar bolup gelmegi 2-3 gün bäri güýçlendi we olar häkimiň adamlaryň öňüne çykyp, özleri bilen gürleşmegini talap edýärler.

Emma häkim çykmaýar, oňa derek başga bir resmi çykyp, adamlary köşeşdirmäge synanyşýar, “biz şu wagt şol problemalaryň üstünde işleýäris, hemme zat gowy bolar” diýip göwünlik berýär, indi arz etmegiň has netijeli, köplük usulyny öwrenýäris" diýip, häkimlige ilki azlykda baryp kowlan, köplük bolup baranda nähilem bolsa bir jogap alan maryly ýaşaýjy Azatlyga gürrüň berdi.

Emma häkimlige arz etmekden netije çykjagyna ynanmaýan, region häkimiýetlerini çäresiz, emele gelen ýagdaýyň ýesiri hasaplaýan adamlar hem bar. Hususan-da, daşary ýurtda okaýan çagalaryna pul iberip bilmeýän ene-atalar lapykeç bolýana meňzeýär.

“Daşary ýurtda okaýan çagalarymyza pul ugradyp bilemzok, okuwyň ýyllyk tölegini ugratmasak, çagalarymyz okuwdan çykarylýar, şu meselede kömek ediň diýip, iki-üç sany goňşy bolup, häkimlige bardyk. Emma häkimligiň işgäri ýüzümizi aldy. “Yzynda durup bilmejek bolsaňyz, näme üçin çagaňyzy daşary ýurda iberdiňiz? Ýurtdan çykarman, şu ýerde okatmaly ekeniňiz” diýdi. Indi goňşularym häkimlikden kömek boljagyna ynanmaýarlar, kime ýüz tutjaklaryny hem bilmeýärler” diýip, student eneleriniň biri Azatlyga gürrüň berdi.

Mary häkimligine diňe işsizler, ýa işli bolup, aýlygyny nagtlaşdyryp bilmeýänler, çagalarynyň okuwdan çykarylmagyndan alada galanlar däl, çilimkeşler hem arza barýar.

18-nji sentýabrda Mary häkimligine bazarçylar we çilimkeşler bardy. Galkynyş bazarynda gök satýan bazarçylar özleriniň bazardan çykarylyp kowlandygyny, eger-de azyk harytlaryny satyp bilmeseler, olaryň zaýa boljakdygyny aýtdylar.

Bazarçylaryň gürrüň bermeklerine görä, Galkynyş bazarynyň ýolbaşçylary mundan öň gök, bakja önümlerini satýanlara öňünden puluny alyp, bir aýlyk rugsat beripdir. Emma 15-nji sentýabrda, hiç bir düşündiriş berilmezden, bazarçylar bazardan kowulýar we olaryň satyp ýetişmedik azyk önümleri zaýa bolýar.

Bazarçylar özleriniň diňe Galkynyş bazary diýip durjak däldiklerini, başga ýerde, çölüň içinde hem bolsa, söwda etmäge ýer berseler razydyklaryny aýtdylar. Azatlyk bilen gürleşen bazarçylar häkimlikde öz talaplarynyň diňlenmegine umyt baglaýandyklaryny, sebäbi “indiki hepde geliň, bu barada maslahat edeliň” diýlendigini aýtdylar.

Çilim, temmäki önümlerine garaşly adamlar hem häkimlige indi “adamlaryň arzyny diňlenýär” diýip eşidip, üýşüp gelipdirler.

Azatlyk bilen gürleşen çilimkeşler çilimiň bahasynyň gymmatlap, “keýigiň şahyna çykandygyny”, iň arzan çilimiň bir gutusynyň 120 manat, bir çilimiň bolsa 6 manat bahalanýandygyny gürrüň berdiler.

“Men günde bäş çilim çekýärin, günüme 30 manat gerek bolýar” diýsem, häkimligiň işgäri nas atmagy maslahat berdi” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran çilimkeş häkimlikden nägileligini bildirdi.

Şeýle-de, Marydan hepde aýagynda gowşan maglumata görä, sebitdäki azyk ýagdaýy hem barha ýaramazlaşýar.

“Maryda ir sagat 7-de açylýan döwlet dükanlarynyň öňündäki nobatlar daňdan sagat 4-de başlanýar. Nobatyň ýetse, hususy dükanlarda 1 manatdan satylýan ýumurtgany 50 teňňeden satyn alyp bilýärsiň. Ýöne indi adam başyna 10 däl, 5 ýumurtga berýärler” diýip, habarçy çagalaryna ýumurtga aljak adamlaryň birnäçe sagat nobata durup, arasynda nobat üstünde ýakalaşyp, bir topar gykylyk eşitmeli bolýandyklaryny gürrüň berdi.

Ýöne esasy mesele un ýetmezçiligi diýip, Azatlygyň Baýramalydaky habarçysy adamlaryň çörek ýagdaýynyň has agyrlaşmagyndan alada galýandyklaryny habar berdi.

Azatlyk Radiosy